Каталог

Скачать каталог услуг компании

Скачать PDF

Если Вам нужна Какая-либо помощь, свяжитесь с Нами

+993-12-400048
ISO implementation Turkmenistan

ISO STANDARTLARYNY GIRIZMEGIŇ WEZIPELERI

- önümleriňizi dünýä bazaryna çykarmagy meýilleşdirýärsiňiz;
- daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi meýilleşdirýärsiňiz;
- tenderlere, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bäsleşiklerine gatnaşýarsyňyz;
- ISO sertifikatyň barlygyny we talaplarynyň ýerine ýetirilişini soraýan müşderi bilen işleşýärsiňiz;
- bäsdeşleriň arasynda abraýyňyzy ýokarlandyrmak isleýärsiňiz.


ISO 9001 – Hiliň menejment ulgamy
ISO 14001 – Ekologiýa menejmentiniň ulgamy
ISO 45001 – Zähmet howpsuzlygy we saglygy goraýyş menejmentiniň ulgamy
ISO 22000 – Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň menejmentiniň ulgamy
GSO 2055-1 – Halal iýmit önümleri

BU NÄME ÜÇIN GEREK?

Halkara ISO standartlarynyň talaplaryna laýyklykda standart ulgamlaryny girizmek birnäçe döwrebap kärhanalar üçin wajyp karar.
Bu ädim kärhanany ýokary bäsdeşlige, yzygiderli innowasion ösüşe taýýarlyk üçin gereklidir. Standartlary girizmegiň sebäpleri boýunça statistiki maglumatlara seredeliň:
Standartlary girizmegiň sebäpleri boýunça statistiki maglumatlara seredeliň:
- hil – kärhananyň esasy strategiýasydyr – 57%;
- hil – kärhananyň tanalmagynyň bir bölegi – 30%;
- sertifikat eksport işleri üçin gerek – 24%;
- sertifikaty müşderiler soraýar – 11%;
- sertifikatyň barlygy hyzmatdaşlaryň we maýadarlaryň talaby – 5%.

ISO-NY ALMAK BIZE NÄME BERÝÄR?

ISO sertifikatyny almak şu mümkinçilikleri berýär:
- kärhananyň girdejilerini artdyrmak;
- edarany täze derejä çykarmak;
- halkara gatnaşygy ösdürmek;
- döwlet we hususy tenderlara gatnaşmak;
- edijileriň we bäsdeşleriň gözünde kärhananyň abraýyny artdyrmak;
- dolandyryş ulgamynyň täsirliligini ýokarlandyrmak;
- hili pes ýa-da näsaz harydyň döremeginde kärhananyň ýitgilerini azaltmak we optimizirlemek;
- kärhananyň maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak.

Sertifikaty almak diňe kärhananyň bazardaky ornuny berkitmän, işleri gowlandyrmak we işgäriň hünärini ýokarlandyrmak arkaly öndürilýän önümleriň, berilýän hyzmatlaryň hem hilini ýokarlandyrýar.

ISO 9001:2015 – hili dolandyrmak ulgamyndaky talaplary düzýär.

Öz tapgyrynda sertifikat alyp bolýan ýeke-täk standart (emma bu hökmany talap däl). Ony iş ugruna ýa göwrümine garamazdan islendik gurama ulanyp biler.
Dünýäniň 170-den gowak ýurdunda millionlarça kärhana we gurama ISO 9001 standartyna görä sertifikatlaşdyrylan.

Bu standart müşderilere uly üns bermek, höweslendirme we ýolbaşçylaryň işiň içinde bolmaklary, ädimleýin çemeleşme, yzygiderli kämilleşmek ýaly hil dolandyrylyşynyň käbir ýörelgelerine esaslanýar. Bu elementler ISO hil dolandyrylyşyň ýörelgelerinde giňişleýin düşündirilýär. ISO 9001 almak sargyt edijileri gowy hilli önümler we hyzmatlar bilen durnukly üpjün etmäge kepil bolýar, bu hem öz gezeginde sargyt ediji üçin hem amatly.

Häzirki wagt hil menejmenti ulgamy diňe gurluş-tehniki ulgamy ýa-da özara bagly dolandyryş usullaryny we tehnologiýalaryny öz içine alman, tutuş guramanyň dolandyrylyşyny öz içine alýar. Islendik düşünjäniň esasynda standartlaryň döremegine sebäp bolan ýörelgeler ýatýar. Hut şu ýörelgelerden ugurlanyp hem ähli nazaryýet we amalyýet gurulýar.

ISO 14000 standartlar tapgyry dürli ekologik düşünjeli kärhanalar we guramalar üçin gurallary öz içine alýar.

2010-njy ýylyň ýagdaýyna görä, ISO 14001 159 döwletde azyndan 223 149 gurama öz işini Ekologiýa ulgamyny dolandyryş standartyna laýyklykda alyp barýar.
Ol standart ekologiýa ulgamyny ýola goýmak üçin esasy talaplary dälde kärhananyň ekologiýa ýetirilýän zyýanly täsirini azaltmak boýunça esasy düzgünleri beýan edýär.

ISO 14001 ulanmak bilen guramanyň dolandyrylyşynyň we onuň işgärleriniň goraglylygyny görkezip bolýar.

Şeýle hem sertifikat gyzyklanýan taraplara kärhananyň ekologik hereketlerini ölçeýändigini we ösdürýändigini görkezmäge ýardam edýär. ISO 14001 ekologik we ykdysady maksatlara has ýeňil ýetmek üçin menejmentiň beýleki funsiýalary bilen birleşdirilip biliner.

Halkara ISO 14001 standartyny girizmek şulary üpjün edýär:
- materiýallar, çig mal, energiýa we ýangyç üçin çykdajylary azaltmak bilen tygşytlylygy;
- dürli galyndylaryň gaýtadan işlenilmegini;
- ekologik betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň bolmak ähtimallygyny azaltmagy, bu bolsa hadysalaryň yzyndan getirjek kazyýet jogapkärçiliginiň we jerimeleriň hem öňüni alýar;
- kärhananyň abraýynyň artmagynyň hasabyna bazaryň giňemegi.

Işgärleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, iş ýerinde töwekgelçilikleri peseltmek we has howpsuz iş şertlerini döretmek boýunça alada edýän guramalar üçin ISO 45001 standarty bar.

Standarty girizmegiň peýdasy kärhana onuň talaplaryna, görkezmelerine we ýörelgelerine uýup başlan pursadyndan belli bolýar. Peýdaly üýtgeşmeler diňe içerki meseleler we önümçilikde adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek töwekgelçiligini peseltmek boýunça bolman, daşky faktorlary hem öz içine alýar:

- Işgärleriň ýolbaşçylyga wepalylygy, kärhananyň işiniň netijeleri bilen gyzyklanmalary, möhüm kararlar berlende gyzyklanýan taraplaryň pikirlerini göz öňünde tutmak.
- Munuň netijesi bolsa, has agzybir topar, zähmetiň netijeliliginiň ýokarlanmagy.
- Ätiýaçlandyryş tölegleriniň azalmagy
- Jedelleri çözlüşmekde ýa-da adatdan daşary hadysalarda ýüze çykýan kazyýet önümçiliginiň çykdajylaryny azaltmak.
- Ýarawsyzlyk günleriniň we trawmalaryň azalmagy netijesinde zähmet işjeňliginiň artmagy.


ISO 22000 halkara standartlar tapgyry iýmit önümleriniň howpsuzlygyny dolandyrmaga gönükdirilen.

Zyýanly iýmit önümlerini sarp etmegiň netijeleri pajygaly bolup biler. ISO standartlary guramalara iýmit önümleriniň howpsuzlygy bilen bagly meseleleri ýüze çykarmagy we dolandyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda iýmit önümleriniň köp bölegi halkara gatnawlara iberilýänligi sebäpli, global üpjün edijilik zynjyryny goramak üçin halkara standartlar hökmany bolup durýar.

Içerki peýdalary:
1. Standartyň esasynda tehnologik işiň her ädiminde iýmit önümleriniň ähli häsiýetlerini goramaga degişli ulgamlaýyn çemeleşme ýatýar.
2. Ahyrky önümiň howpsuzlygyna täsir etjek hemme aýratynlyga gözegçilik.
3. Talabalaýyk däl önümiň çykmagynyň azalmagy esasynda tygşytlylyk.
4. Önümçiligiň howpsuzlyk işleri we iýmitiň saklanmagynda jogapkärçilikleri paýlamak.
5. Kärhananyň baş güýçlerini we baýlyklaryny ýüze çykarylan ýetmezçiliklerde we möhüm mowzuklarda jemlemek.
6. Duýduryjy çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek.

Daşky peýdalary:
1. Sarp edijileriň önümlere ynamynyň artmagy.
2. Bazaryň giňemegi.
3. Kärhananyň we önümiň bäsdeşlik ukyplarynyň ýokarlanmagy.
4. Maýa goýum mümkinçilikleriniň giňemegi.
5. Ýokary hilli we howpsuz iýmit önümleriniň öndürijisi hökmünde berk abraýy emele getirmek.
продуктов питания.
6. Ýetmezçilikleri ýalňyşsyz tapmak we olaryň üstünde öz wagtynda gözegçiligi geçirmek.

“Halal” sertifikatlaşdyrmak ulgamy önümiň, onuň düzüminiň, önümçilikde ulanylan tehnologiýalaryň GSO 2055-1 standartynyň görkezmelerine gabat gelýändiginiň resmileşdirilen subutnamasydyr.

Halal standarty näme üçin gerek?

Halal sertifikatyny gurnamak üçin şu şertler gerek:
- sarp edijilere öz ynançlarynyň gadagan etmeýän önümlerini saýlamakda kömek etmek;
- gerekli talaplaryň bardygyny beýan edýän, emma hakykatda beýle bolmadyk kärhananyň önümlerinden sarp edijileri goramak;
- önümiň gerekli talaplara we görkezmelere gabat gelýändigini subut etmek;

Halal sertifikatynyň peýdalary:

Şahadatnama bermegiň esasy artykmaçlygy:
1. Sarp edijileriň meýletin Halal sertifikat barlagyndan geçen önümlere ynamy;
2. Halal sertifikaty bolan önümler – ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, düzüminde zyýanly goşundylary we GMO saklamaýar.
3. Musulmanlar we musulman däller köp halatlarda ekologik arassalyk we howpsuzlyk boýunça berk barlaglardan geçen Halal önümleri saýlaýarlar.
Halal önümleriň we hyzmatlaryň ulanylmagy köp duş gelýär
4. Ýokarda bellenenleriň ählisini göz öňünde tutup, Halal sertifikatynyň öndürijilere we satyjylara hakykatdan ýokary hilli önümi berýändigini, onuň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyryp, öz abraýyny ýokarlandyrýandygyny aýdyp bolar.