Каталог
Скачать каталог услуг компании
Скачать PDFЕсли Вам нужна Какая-либо помощь, свяжитесь с Нами
+993-12-400048TOPARLAÝYN SOFT WE HARD SKILLS TRENINGLARY
Näme üçin soft/hard skills şeýle wajyp?
Ýolbaşçy we hünärmen haýsy ukyplara we häsiýetlere eýe bolmaly? Olar işleýän ugurlaryna gowy düşünmeli, prosesleri düzüp we gözegçilik edip başarmaly, işgärleriň we işdeşleriň doly müminçiliklerinde işlemegini gazanmaly. Ýöne bu sanaw diňe agzalan jogapkärçilikler bilen çäklenýärmi? Elbetde, ýok. Bellenen işleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döwrebap işgär hard skills we soft skills diýilýän umumy düşünjeleriň içine girýän başarnyklara hem eýe bolmaly.
Näme üçin Biz?
- Öz ussat trenerlarymyz;
- Trening üçin hususy ýerimiz;
- Türkmen, rus, iňlis dillerinde öz düzen trening maksatnamamyz;
- Halkara hünärmenleri çekmek mümkinçiligi.
Soft skills näme?
Umumy ýa-da esasy başarnyklar ady bilen hem bilinýän professional başarnyklar ähli hünärlere degişli bolan häsiýetdir. Bu başarnyklar köp halatda başgalar bilen aragatnaşyk saklamak ukybyňyz bilen baglydyr.
Soft skills näme üçin möhüm?
Iş beriji üçin bir hünäri bilmek möhüm bolsa-da, aragatnaşygy saklamak ukyplarynyň ähmiýeti ilki gelýär. Sebäbi häzirki döwürde hünär biliminiň aglaba bölegini gysga wideolar görmek arkaly hem öwrenip bolýar. Işe durýan her bir adam programmirlemegi ýa-da ýazmagy başarsada, ony beýlekilerden tapawutlandyrýan zat özüni beýan edip bilmegi, beýlekiler bilen düşünişmegidir.
Strategik ädim. Maksatlar:
- Kärhananyň wezipesini we strategik maksatlaryny kesgitlemek.
- Strategiýany ädimlere bölmekStrategiýany ädimlere bölmek
- Ösüşiň gurallaryny ýüze çykarmak
- Bölümleri utgaşdyrmak
- KPI we OKR düzmek
Soft skills
gatnaşyk gurmagy ýeňilleşdirýär, ynam döredýär, hem-de toparlary dolandyrýar.
Hard skills näme we oňa nämeler degişli?
Hard skills (berk başarnyklar) – işi ýerine ýetirmek üçin gerekli gönümel başarnyklar. Himikler üçin bu maddalaryň täsirleşmesini bilmek, sürüjiler üçin awtomobili dolandyryp başarmak bolýar. Hard skills – biziň mekdepde, uniwersitetde, hünär ýokarlandyryş okuwlarynda alýan bilimlerimiz. Ýolbaşçylar üçin bolsa işgärleri dolandyrmagyň we ýumuşlary paýlamagyň nähili gurnalandygyny bilmek hem degişlidir.
Hard skills näme üçin wajyp?
Bu başarnyklar işgäre karýera gurmaga kömek edýär. Professional başarnyklar näçe köp bolsa, işgär üçin wezipesiniň ýokarlanmagy ýa-da başga işe geçmegi şonça-da aňsatlaşýar. Hard skills öwrenmek diňe ýokary okuw jaýlary bilen çäklenmeýär. Goşmaça okuwlar bilen ýa-da özbaşdak taýýarlanmak arkaly hem öwrenip bolýar.