Каталог

Скачать каталог услуг компании

Скачать PDF

Если Вам нужна Какая-либо помощь, свяжитесь с Нами

+993-12-400048
HSE consulting Turkmenistan

ZÄHMET GORAMAK ULGAMYNY GIRIZMEK WE GURAMAK

Zähmet goramak we senagat howpsuzlygy – döwrebap kärhananyň esasy jemgyýetçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň biri.

Häzirki ýagdaý hasaba alynanda, zähmet goramak ulgamyny dolandyrmak (ZGUD) we döretmek wezipesi jogapkärçilikli we rasional pikirlenýän ýolbaşçylaryň arasynda köp duş gelýär. ZGUD-yň bolmagy edaralara halkara standartlaryň talaplaryna laýyklykda sertifikasiýa geçmäge we iri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleşmäge ýol açýar.

Her ädim şu işleri özünde jemleýär:

- Meýilnamalaşdyrmak: bu ädimiň düzümine zyýanly faktorlaryň häzirki ýagdaýynyň, önümçilik töwekgelçilikleriniň we howplaryň öwrenilişi, bar bolan we gerekli serişdeleriň bahalandyrmasy, içki bölümleriň we aýry işgärleriň arasynda jogapkärçiligiň paýlanylyşy, zähmet goragynda kadalaşdyryjy namalaryň düzülmegi we kämilleşdirilmegi girýär.

- Ýerine ýetirmek: “Meýilnamalaşdyrmak” tapgyrynda ylalaşylan işleriň mümkin bolan iň ýokary takyklygynda amala aşyrylmagyny öz içine alýar.

- Barlag: “Durmuşa geçirmek” tapgyryndaky görkezmeleriň amala aşyrylmagyna adaty gözegçilik bilen çäklenmän, ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijä nä derejede golaýlandygynyň seljerilişi hem girýär. Käbir halatlarda şu tapgyrda degişli bölümler boýunça öz bilermenlerimiz bilen bir hatarda daşky bilermenler işe çekilýär. Bu tapgyrda ahyrky bahalandyryş hakykat bilen deň bolmagy üçin maksimal açyklyp wajyp.

- Kämilleşdirmek: “Barlag” tapgyrynda ýerine ýetirilen işleriň täsirliligini seljermek esasynda Zähmeti goramak ulgamynda ýüze çykan näsazlyklary düzediş işleri.

Düzmek. Strategiýany girizmek

Bazar seljermesini geçirýärmek bilen, kärhananyň strategiýasyny düzmekde ýardam edýäris, dolandyryjy topary goldamak bilen iş medeniýetine we her bölümiň işine strategiýalary girizýäris.

ZGUD-ny girizmekde köp duş gelýän soraglar we olaryň çözüliş ýollary

Ýokarda bellenenleriň ählisi we başga-da ençeme faktorlar birnäçe soragyň döremegine getirýär:

- Kärhanada diňe kadalaşdyryjy namalar bilen çäklenmän, hakyky işiň ýöremegine nädip geçmeli?

- Howpsuzlygyň hökmany talaplaryna ýeterlik gözegçiligi nädip amala aşyrmaly?

- Bölümleriň arasynda ygtyýarlyklaryň bölünmegi üstünlikli amala aşyrylýan döwrüne, howpsuzlyk barada möhüm maglumatlary nädip doly guramaçylykly ýygnamaly?

Zähmet goramak ulgamynda resminamalary girizmegiň netijeleri

- Aýdyňlygyň ýokarlandyrylmagy we öňüni alyş çäreleriň, olaryň gözegçiliginiň guralmagy hasabyna işde döreýän heläkçilikleriň we ýarawsyzlyklaryň, betbagtçylykly ýagdaýlaryň döreýiş we çaknyşmalaryň emele geliş derejelerini düşürmek.

- Ierarhiýanyň ähli derejesi boýunça kärhanada önümçilik gözegçiligini alyp barmakda ýeke-täk düzgünleri guramak.

- Döredilýän gözegçilik ulgamynyň içinde, hem-de garyşyk gulluklar bilen jogapkär hünärmenleriň gatnaşyk ugurlaryny ýokarlandyrmak.

- Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy meýilleşdirmegiň we hasaplamagyň usullarynda täsirli gurallary ulanmak arkaly çykdajylary azaltmak.

- Täze we gaýtalanýan düzgün bozulmalaryň ähtimallygyny peseltmek, ulgamlaşdyrma we işiň ýerine ýetirilişine gözegçilik düzgünleriniň ýokarlandymagyň esasynda Döwlet gözegçilik gulluklarynyň jerimelerini azaltmak.