Maslahat beriş taslamalary
- Bar bolan mümkinçilikleri gowulandyrmak we Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäklerinde täze içerki syýasaty girizmek;
- Biznes proseslerini gowulandyrmak, biznes modelirlemek, içerki aragatnaşygy täzeden düzmek, awtomatizasiýa we başgalar;
- ISO 9001, 14001, 45001 ýaly halkara standartlary girizmek hyzmaty;
- Ýörite dersleri we trening programmalary düzmek;
- Işgäre zähmet normasyny / zähmet şertlerini düzmek.
Ýurdumyzda hereket edýän indiki kärhanalara maslahat beriş hyzmaty berildi
“Nur ýüpek” HJ, “Master distribýuşn”, “Yhlasly türkmen” HJ, “Ak bulut” HJ, “Türkmen senet” HJ, “Batly gadam” HJ, “Türkmen enjam” HJ, “Türkmen senagat” HJ, “Kandaş”, “At-abraý” HJ, “Altyn aziýa” HK, “Beýik ýüpek ýoly” HJ, “Dört tarap logistika” HJ, “Garagum hazynasy” HK, “Halkara türkmen logistik” HJ, “Ýükli kerwen” HK, “Ynamly ýol hyzmaty” HK.
Taslamalaryň soňunda standartlar boýunça sertifikatlaşdyryldylar
ISO 9001:2015 – Hil menejment ulgamy,
ISO 45001 - Zähmet howpsuzlygy we saglygy goraýyş menejmentiniň ulgamy,
ISO 14001 - Ekologiýa menejmentiniň ulgamy.
Bu halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi:
International Trade Center ITC / Halkara söwda merkezi (HSM) - zenan telekeçiler üçin eksport boýunça trening sapaklaryny düzmek we girizmek, eksport boýunça onlaýn we offlaýn treningler geçirmek;
"Gender meselesini hasaba almak bilen söwdany ýeňilleşdirmek" treningini geçirmek;
Halkara zähmet guramasynyň goldamagynda Winrock International - kadrlar agentlikleri üçin gollanmalary düzmek we işgärleri adalatly saýlap almak boýunça ussatlyk sapaklary geçirmek;
Ýewropanyň ösüş we gaýtadan dikeldiş banky – “Ýükli kerwen” HK we “Altyn Aziýa” HJ üçin işgärleri dolandyrmak ulgamyny emele getirmek boýunça taslamalar.
Näme sebäpden bize ýüz tutmaly?
“Harman consulting” maslahat beriş merkezi ähli müşderilerine şulary kepillendirýär: her bir mesele boýunça şahsy çemeleşme, ýokary hilli hyzmatlar, maglumatyň doly gizlinligi, özüne çekiji baha emele getiriji ulgamy, işiň bellenen wagtda tamamlanmagy. Işler bir gezeklik ýa-da yzygiderli / hemişelik ýerine ýetirilip biliner. Biziň hünärmenlerimiz biznesiň gurluşyny içgin öwrenip, müşderiniň islendik meselesine köptaraplaýyn çemeleşýärler. Biz size dürli töwekgelçilikleri ýüze çykarmaga we olary aradan aýyrmaga ýardam ederis. Biz bilen siziň biznesiňiz goragly we täze derejä geçmäge taýýar bolar.